Lenovo Şanhaýda programma üpjünçiligini işläp düzmek üçin täze kompaniýa döretdi

  • 29.08.2021 02:42
  • 3.5k+

Hytaýyň kompýuter tehnikasyny öndürijisi Lenovo Şanhaýda sanly gurşawda ylmy-tehniki işler bilen meşgullanjak täze kompaniýany döretdi. Bu barada Sina habarlar çeşmesi habar berýär.

“Lýansýan sinşisze” adyny alan täze gurluşyň düzgünnama maýasy 10 mln ýuana (1,5 mln dollar töweregi) barabar bolar. Onuň esasy wezipesi programma üpjünçiligini işläp düzmekden, maglumatlary gaýtadan işlemekde hyzmatlary hödürlemekden, şeýle-de emeli intellekt tehnologiýalaryny ulanmak bilen amaly programma üpjünçiligini işläp düzmekden ybarat bolar diýip, www.finanz.ru belleýär.

Şu ýylyň ikinji çärýeginde Lenovo-nyň umumy girdejisi 109,4 mlrd ýuana (16,29 mlrd dollar töweregi) barabar boldy, bu 2020-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 27% ýokarydyr. Bellenilen döwürde arassa girdeji 119% ýokarlanyp, 3,01 mlrd ýuana (takmynan, 466 mln dollar) ýetdi.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....