«Mançester Ýunaýtediň» paýnamalary Ronaldu gaýdyp gelenden soň gymmatlady

  • 29.08.2021 02:33
  • 17k+

Kluba Kriştianu Ronaldunyň gaýdyp gelendigini habar beren «Mançester Ýunaýtediň» paýnamalary 27-nji awgustdaky söwdanyň dowamynda birden gymmatlady. Muny Nýu-Ýork biržasynyň maglumatlary delillendirýär. Habar ýazylan wagtynda paýnamalar 18,61 dollara (ösüş 7,43 göterim) ýetdi, iň ýokary derejesinde baha 9 göterimden gowrak ýokarlandy.

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň ýene-de “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy bolandygyny klub özüniň Instagram sahypasynda habar berdi. Şertnamanyň maliýe şertleri we möhleti barada maglumat berilmedi diýip, lenta.ru belleýär.

Soňra toparda “Ýuwentus” bilen ylalaşyk gazanylandygy, Ronaldu bilen şertnama baglaşylandygy barada bolsa oýunçy bilen aýlyk haky ylalaşylandan, wiza alnandan we lukmançylyk barlaglaryndan üstünlikli geçilenden soň habar beriljekdigi aýdyldy.

Ronaldu 2018-nji ýyldan bäri Turiniň “Ýuwentusynda” çykyş edýärdi. “Mançester Ýunaýted” üçin Ronaldu 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli oýnady. Bu klub bilen bilelikde Angliýanyň üç gezek çempiony we Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy.


düýn 23:41
975

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......