Kriştianu Ronaldu «Ýuwentusdan» «Mançester Ýunaýtede» geçdi

  • 27.08.2021 23:05
  • 24k+

Kriştianu Ronaldu Angliýanyň Premýer-ligasyna dolanyp geldi. Futbolçynyň «Mançester Ýunaýtede» geçendigi hem-de täze klub bilen ylalaşyk gazanandygy resmi taýdan yglan edildi.

«Man Ýunaýtediň» resmi saýty eýýäm futbolçyny garşylady: «MÝ» Kriştianu Ronaldunyň transferi hakynda «Ýuwentus» bilen ylalaşyk gazanandygyny uly şatlyk bilen tassyklaýar, indi diňe şahsy şertler, wiza hem-de lukmançylyk gözegçiligi bilen bagly meseleler galdy».

Ylalaşygyň maliýe maglumatlaryny taraplar mälim etmeýär. 36 ýaşly portugaliýaly oýunçynyň 2023-nji ýyla çenli şertnama baglaşmagyna we «Mançester Ýunaýtedde» hepdede 314 müň ýewro gazanmagyna garaşylýar.

Belläp geçsek, 24-nji awgustda Ronaldunyň «Mançester Sitä» geçmekçidigi hakynda habar berilýärdi, emma 27-nji awgustda «Siti» gepleşiklerden çykdy.

Ronaldu “Ýuwentus” üçin 2018-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Onuň hasabynda italýan kluby üçin 134 oýun bolup, olarda 101 gol girizdi we 22 netijeli geçirim etdi. Ol iki gezek Italiýanyň çempiony, Italiýanyň Kubogynyň we Super kubogynyň eýesi boldy. Portugaliýaly oýunçy 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyl aralygynda “Mançester Ýunaýted” üçin çykyş etdi. Angliýanyň kluby üçin 292 oýna gatnaşdy, olarda 118 gol girizdi we 69 netijeli geçirim etdi.

Ol “Mançester Ýunaýtedden” Madridiň “Realyna” geçdi we onda 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli oýnady. Ol klubuň 438 oýnuna gatnaşyp, 450 gol girizdi we 132 netijeli geçirim etdi. 

Ronaldu 36 ýaşynda, ol “Altyn topuň” bäş gezek eýesi boldy. Portugaliýaly oýunçy Ýewropa çempionatynda (2016) ýeňiş gazandy, şeýle-de onuň hasabynda Ýewropa birinjilikleriniň kümüş we bürünç medaly bar.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......