Türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik nokatlary bökdençsiz işledilýär

  • 26.08.2021 14:06
  • 30k+

TDIM-niň Metbugat gullugy Türkmenistanyň türkmen- owgan serhedindäki gözegçilik-goýberiş nokatlarynyň işini bökdençsiz üpjün edýändigini habar berýär.

Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-goýberiş nokatlaryndan her günde 70-den gowrak demir ýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri goýberilýär.

Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden goýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär. Habarda owgan tarapynyň Owganystana eksport edilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny arzanladandygy aýratyn bellenilýär.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......