Iň kiçi Hyundai krossoweriniň hereketlendiriji güýji belli edildi

  • 25.08.2021 19:49
  • 11k+

TheKoreanCarBlog neşiriniň ygtyýarynda Hyundai kompaniýasynyň hatarynda iň kiçi krossower boljak täze Hyundai Casper modeliniň tehniki resminamasy bar. Awtomobiliň resmi premýerasy ýakyn wagtda geçiriler, ol 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykarylyp başlanar diýip, www.autonews.ru belleýär.

Satuw başlananda Hyundai Casper alternatiwasyz kuwwaty 100 at güýji bolan 1,0 litrlik üç silindrli benzin turbo hereketlendirijisi bilen hödürlener. Hereketlendiriji mehaniki geçiriji gutusy ýa-da “awtomat” bilen birleşdiriler. 

Mundan başga-da, resminamada awtomobiliň ululygy hem görkezilýär. Hyundai Casper-iň uzynlygy 3595 mm, ini 1595 mm, beýikligi 1575 mm bolar. Awtomobiliň daşky görnüşinde Hyundai Kona modelinden alnan käbir elementler ulanylýar. Salon barada aýdylanda, krossower dördünji nesil “uly” Hyundai Tucson-yň stilinde sanly enjam paneli bilen hödürlener. Merkezde multimediýa toplumynyň uly displeýi ýerleşdiriler, ondan aşakda howa ulgamyny we beýleki funksiýalary dolandyryjy blok ýerleşer.

Esasy enjamlaryň sanawyna öňdäki howpsuzlyk ýassyklary, ABS we tormoz güýjüni paýlama ulgamy, yzky parktronik, şeýle-de awtomatik garalýan salon aýnasy girer.

Hyundai Casper-iň yzygiderli önümçiligi Günorta Koreýanyň Kwanju şäherinde ýola goýlar. Model Hindistanda we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda satylar, ýöne onuň Ýewropa-da ýetmegi mümkin.


08.05.2026 16:04
3.9k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....

06.05.2026 01:36
3.9k+

Täze Elantra N 2027 täze hereketlendiriji bilen Nýurburgringde synagdan geçirilýär

Hyundai N sport setiri üçin täze hereketlendirijini Nýurburgringde synagdan geçirýär. Elantra N1 RP-iň prototipi güýç gurluşynyň ygtybarlylygy synagdan geçirilýän “Nýurburgringiň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşýar....

29.04.2026 11:53
4k+

Hyundai Pekinde iki sany futuristik düşünjäni – Venus-y we Earth-i görkezdi

Hyundai kompaniýasy Pekin awtoulag sergisinde iki sany konseptual elektrik ulagyny: Ioniq Venus sedanyny we Ioniq Earth krossowerini görkezdi. Bu modeller brendiň hytaý bazarynda özüniň elektrik ulaglar......

31.03.2026 22:22
5.2k+

Hyundai geljekki täze önüminiň geň tizerini görkezdi: onda daş howada gaýyp dur

Hyundai kompaniýasy «uly bir zadyň gelýändigini» habar berýän tizer suratlaryny çap etdi, bu bolsa ähtimal täze modeliň ýakyn wagtda boljak tanyşdyrylyşyna yşarat edýär. Suratlaryň özünde awtoulag ýok — diňe......