Gurbanguly Berdimuhamedow: «Galkynyş» käni — Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biri

  • 25.08.2021 09:05
  • 9.8k+

23-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany sebitde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow çäräniň geçirilýän ýerine gelip, ýygnananlara ýüzlenip, häzirki döwürde biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň her güni şatlykly wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Ine, şu gün hem biz ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — ägirt uly “Galkynyş” gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berýäris diýip belledi.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, ýangyç-energetika toplumyna uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Bu serişdeler bolsa köp girdeji getirýän pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmaga niýetlenendir. Geologiýa gözleg we buraw işlerini geçirmäge, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegi güýçli depginler bilen alyp barmaga gönükdirilendir.

Häzirki döwürde 50 trillion kub metr möçberde kesgitlenen tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny bu gymmatly harytlyk çig mal bilen üpjün etmek baradaky garaýşyny yzygiderli öňe sürüp gelýär. Bu baýlyklary öz halkymyzyň we dünýäniň halklarynyň bähbidine netijeli ulanmak üçin köp işler amala aşyrylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini nygtap, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin dürli ugurlarda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy bolsa anyk netijäni gazanmaga gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu ulgam boýunça indi 11 ýyldan gowrak wagt bäri Hytaý Halk Respublikasyna türkmen tebigy gazy eksport edilýär. Şu döwrüň dowamynda bu gaz geçiriji arkaly Hytaýa 300 milliard kub metrden hem gowrak tebigy gaz iberildi.

Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijileriniň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Bu iri gaz käniniň gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde alnanda, 27 trillion kub metre golaý möçberde kesgitlendi. Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biri boldy.

“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde gaz guýularyny hem-de önümçilik düzümleriniň beýleki desgalaryny gurmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Bu ýerde umumy kuwwaty ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrine barabar bolan gaýtadan işleýän toplumlaryň üçüsi işe girizildi. Olaryň gurluşygyna Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalary gatnaşdylar.

Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan “Galkynyş” gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri bir gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär.

Şu gün biz bu gaz käninde üstünlikli ösýän türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň nobatdaky mysalyna öwrüljek ýene-de bir şanly wakanyň şaýady bolýarys diýip, türkmen Lideri belledi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň şu gününde “Galkynyş” gaz käninde aýratyn çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýan täze gaz guýularynyň üçüsiniň gurluşygyna badalga berýäris.

Bu işleri ýerine ýetirmek barada “Türkmengaz” döwlet konserni Hytaýyň “СNPС” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Taslamany durmuşa geçirmegiň möhleti 30 aý bolup, kompaniýanyň hyzmatlary üçin tölegler 2007-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, üç ýylyň dowamynda Hytaýa tebigy gazy ibermegiň hasabyna amala aşyrylar. Şeýlelikde, täze gaz guýulary “mawy ýangyjyň” goşmaça gorlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyza köp möçberde pul serişdelerini getirip, halkymyzyň abadançylygyny has-da gowulandyrmaga şert döreder.

Türkmen Lideri çykyşyny tamamlap, şol gün Mary şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýändigini, Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýedi gatly, 188 öýli ýaşaýyş jaý toplumynyň, Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly önümhanasynyň ulanylmaga tabşyrylýandygyny aýtdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň täzeçil energetika strategiýasy netijesinde nebitgaz senagatynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan wideofilm görkezildi. Şeýle hem hünärmen teleköpri arkaly döwlet Baştutanyna ýüzlenip, ägirt uly uglewodorod käniniň gazyp alyjy düzüminiň nobatdaky desgalarynda buraw işlerine başlamaga ak pata bermegini haýyş etdi.

Türkmen Lideriniň düwmäni basmagy bilen, “Galkynyş” gaz känindäki täze guýularyň gurluşygyna badalga berildi. Dabara gatnaşyjylar teleköpri arkaly bu ýokary tehnologiýaly işiň barşyny synladylar.


17.01.2026 08:47
4.7k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...