Türkmenistan bilen Kolumbiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 25 ýyl dolýar

  • 24.08.2021 09:47
  • 3.8k+

Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwan Duke Markese we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi. Türkmenistan bilen Kolumbiýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň 27-nji awgustynda Bilelikdäki komýunikä gol çekmek esasynda ýola goýuldy.

Türkmen Lideri Kolumbiýanyň Prezidenti Iwan Duke Markese berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk,  ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edip, biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de ösüşe we abadançylyga gönükdirilendigini, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:16
3.5k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....