Şwesiýa ekologiýa taýdan arassa poladyň dünýäde ilkinji üpjünçiligini amala aşyrdy

  • 23.08.2021 14:13
  • 6.7k+

Şwesiýanyň ekologiýa taýdan arassa polat öndürijisi HYBRIT “rewolýusion” metaly öndürip, ilkinji gezek ýola goýdy. Kompaniýa häzirki wagtda dünýädäki kömürturşy gaz zyňyndylarynyň sekiz göterimi paýyna düşýän polat pudagyny düýpgöter üýtgetmek kararyna geldi diýip, Reuters ýazýar. Muny osnmedia.ru ýetirýär.

HYBRIT-iň ilkinji müşderisi Volvo awtomobil kompaniýasy boldy, ol arassa poladyň synag tapgyryny aldy. Arassa metalyň täjirçilik önümçiligi 2026-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär.

HYBRIT kompaniýasynyň özi täze önümi geçen ýyl Luleo şäherindäki zawodda synagdan geçirip başlady. Adaty polady öndürmek üçin kömür gerek, ýöne HYBRIT ony elektrik we “ýaşyl” wodorod bilen çalşyrdy. Şwesiýada uglerod zyňyndylarynyň 10 göterimi we Finlýandiýada 7 göterimi paýyna düşýän SSAB metallurgiýa kompaniýasynyň wekilleri täze poladyň synag üpjünçiliginiň kömürden ýüz öwürmek üçin möhüm ädimdigini belleýärler.

Şwesiýanyň başga bir kompaniýasy H2 Green Steel hem ýurduň demirgazygynda ekologiýa taýdan arassa polady öndürmek boýunça zawody gurmagy meýilleşdirýär. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ol gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden wodorod alyp başlar. 


31.05.2026 22:44
4.3k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

10.05.2026 11:51
8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

07.05.2026 11:10
4.6k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....