Polina Gurýewanyň ilkinji tälimçisine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni gowşuryldy

  • 22.08.2021 17:03
  • 26k+

Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanan agyr atletika boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň wekili Polina Gurýewanyň ilkinji tälimçisi Ahmet Saryýewe «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» atly orden gowşuryldy.

Tälimçini bu hormatly orden bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi.

Ahmet Saryýewiň tälimçilik etmeginde Polina Gurýewa 2017-nji ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda altyn medala mynasyp bolupdy. Şeýle hem Polina 2014-nji ýylda geçirilen Aziýanyň kubogy ugrundaky III halkara ýaryşda we ýaşlaryň arasyndaky klublaýyn yklym çempionatynda kümüş, 2018-nji ýylda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda bürünç medalyň eýesi bolupdy. Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp bolmak bilen, 21 ýaşly agyr atletikaçy adyny Türkmenistanyň sport taryhyna hemişelik ýazdy.

TmCars.info-nyň ozal hem habar berşi ýaly, Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 21-nji awgustda 50  müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy hem-de Aşgabat şäherinden 3 otagly ýaşaýyş jaýynyň we gymmat bahaly Lexus LX 570 Sport Plus awtoulagynyň açarlary gowşuryldy. Şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at dakyldy.


düýn 18:22
4.6k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.4k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

21.05.2026 19:23
3.3k+

Türkmen karateçileri Bad-Nauhaýmda geçiriljek halkara çempionatyna ugrady

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde geçiriljek International Championship halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ugradylar....

21.05.2026 11:27
3.2k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......