Polina Gurýewanyň tälimçisi Artur Emirýana Toyota Camry awtoulagy sowgat berildi

  • 22.08.2021 16:58
  • 33k+

Ýokary derejeli türgenleri taýýarlamakda bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysynyň esasy halypasy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Artur Emirýan 2021-nji ýylda goýberilen «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglandy. Bu barada degişli resminama türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Artur Emirýana döwlet Baştutanynyň bu gymmatly sowgady Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanan agyr atletika boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň wekili Polina Gurýewany sylaglamak mynasybetli Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabarada gowşuryldy. Ol «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açaryny wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň elinden aldy.

Ýeri gelende bellesek, türkmen agyr atletikaçylarynyň baş tälimçisi Artur Emirýan diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhur bolan Brono Abramýanyň şägirdidir. Brono Abramýan bolsa ady dünýä belli türkmen agyr atletikaçysy Altymyrat Orazdurdyýewiň tälimçisidir.


22.06.2026 17:52
4.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....