Eýran Hazar deňzinden iri gaz ýatagyny tapdy

  • 22.08.2021 13:46
  • 10k+

Khazar Exploration and Production (KEPCO) eýran kompaniýasy Hazar deňziniň eýran böleginden ýurduň iň iri tebigy gaz ýatagynyň üstüni açandygyny habar berdi diýip, az.sputniknews.ru habar berýär.

KEPCO-nyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Osuliniň aýtmagyna görä, «Çalus» ýatagynyň gory «Günorta Pars» ägirt uly gaz käniniň dörtden bir ekwiwalentine ýa-da onuň 11 sany fazasyna barabardyr — bu bolsa 3,4 trillion kub metr gaza deňdir.

Şol bir wagtda bellenilişi ýaly, «Günorta Pars» käniniň gory 14,2 trillion kub metr gaz ätiýaçlyklaryna, 18 milliard barrel gaz kondensatyna deňdir. Bu bolsa Eýranyň umumy bahalandyrylýan gaz ätiýaçlyklarynyň 40%-ne — 33,8 trillion kub metre barabar.

 

Eýranyň habar beriş serişdeleriniň bellemegine görä, «Çalus» ýatagyndaky başlangyç bahalandyryş işleriniň netijelerine görä, bu ýatagyň tebigy gazy Ýewropanyň gaza bolan isleginiň 20%-ni üpjün etmäge ýeter.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....