Daşary ýurtly talyplar Russiýa gidip okuwlaryny dowam etdirip bilerler

  • 21.08.2021 19:31
  • 22k+

Daşary ýurtly talyplara okuwlaryny dowam etdirmek üçin Russiýa Federasiýasyna girmäge rugsat berler, giriş düzgünleri eýýäm işlenip taýýarlandy we ýakyn wagtda tassyklanar diýip, RF-iň Bilim we ylym ministrliginiň metbugat gullugy žurnalistlere habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Habarda Bilim we ylym ministrliginiň daşary ýurtly talyplar üçin döwlet serhetlerini açmak başlangyjy bilen çykyş edendigi aýdylýar. RF-iň çägine täze koronawirus ýokanjynyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça operatiw ştab okuwlary dowam etdirmek üçin girişe rugsat bermäge razylaşdy. Algoritm – daşary ýurtly talyplara RF-e gelmäge mümkinçilik berýän düzgünler ministrlik tarapyndan eýýäm taýýarlandy we ýakyn wagtda tassyklanar.  

Algoritm tassyklanylandan soň, Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly talyplarynyň gelip, okuwy adaty formatda dowam etdirip, umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşip biljekdigi bellenilýär. Ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow ýokary okuw mekdepleriniň ählisiniň diýen ýaly okuw ýylyny adaty formatda başlaýandygyny habar berdi. 

Ol haýsydyr bir sebäp bilen Russiýa gelip bilmeýän daşary ýurtly talyplar üçin uzak aralykdan okamak üçin şertleriň dörediljekdigini belledi. Gürrüň şol sanda goşmaça okuwlar, aýratyn okuw meýilnamalary we ýokary hilli bilim almaga mümkinçilik berýän beýleki çözgütler barada gidýär.


06.12.2025 10:45
4k+

Türkmenistanly talyplar "RUDN MATH OLYMP 2025" Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki Patris Lumumba adyndaky halklaryň dostlugy uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasy (RUDN MATH OLYMP 2025) geçirildi...

30.11.2025 08:56
6.1k+

Türkmenistanly talyp "ýylyň öwrülişigi" üçin «RF-niň ýylyň daşary ýurtly talyby» bäsleşiginde ýeňiji boldy

Türkmenistanly talyp Igor Ýermolaýew «Russiýa Federasiýasynyň ýylyň daşary ýurtly talyby» atly ählihalk bäsleşiginiň «Ýylyň ylmy öwrülişigi» atly ugry boýunça ýeňiji boldy. Bu barada uniwersitetiň Telegram-kanalynda habar berildi...

23.10.2025 11:33
1.7k+

Tatarystanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar

Aşgabatda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde türkmen mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça on günlük okuwlar başlandy. Okuwlary RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Neberežnyý Çelny şäherindäki Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (NGPU, RF) hünärmenleri alyp barýar...

18.10.2025 23:18
8.1k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 56 müňden gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Bu barada Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinde belläp geçdi...