19 ýaşly Zara Ruterford uçarda ýekelikde dünýäniň daşyndan aýlanar

  • 21.08.2021 01:24
  • 8.5k+

19 ýaşly Zara Ruterford ýekelikde dünýäni aýlanyp çykan iň ýaş zenan bolup biler. Çarşenbe güni irden onuň Shark UL ýeňil uçary üç aýdan dolanyp geljek ýeri bolan Belgiýanyň Kortreýk howa menzilinden ugrady. Syýahatyň dowamynda gyz 52 ýurduň üstünden uçup, iki gezek ekwatory kesip geçer diýip, euronews.com habar berýär.

Ilkibaşda ýaşajyk uçarman Islandiýa tarapa ugrar, soňra Kanadanyň, ABŞ-nyň we Günorta Amerikanyň kenarlarynyň üstünden uçup, Russiýadan we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryndan geçip, ahyrynda Ýakyn Gündogaryň üsti bilen Ýewropa dolanyp geler.

Uçarmanlar maşgalasynda doglan Zara Ruterford 14 ýaşynda türgenleşip başlady we geçen ýyl uçuş ygtyýarnamasyny aldy.

Häzirki wagtda dünýäni aýlanyp çykan iň ýaş zenan statusyna asly owgan bolan amerikaly Şaýesta Waýz eýedir. Rekord goýlan wagtynda ol 30 ýaşyndady.

düýn 21:03
2.4k+

Finlýandiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň uzyn pyýada köprüleriniň biri açyldy

Helsinkide uzynlygy 1191 metr bolan «Kruunuwuorensilta» köprüsi açyldy. Ol Finlýandiýadaky iň uzyn we iň belent köpri boldy....

25.04.2026 12:45
3.5k+

Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar

2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni......

24.04.2026 10:18
5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady

Wýetnam daşary ýurtly syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady. Bu ulgam ilki bilen Hoşimin şäherindäki Tanşonnýat howa menzilinde işläp başlady. Soňlugy bilen ony beýleki giriş......

23.04.2026 18:16
8k+

Asman aýagyň astynda: Ýaponiýanyň Hitaçi seýilgähinde millionlarça mawy nemofila gülledi

Ýaponiýanyň «Hitachi Seaside» seýilgähinde millionlarça nemofila gülleriniň gülleýän möwsümi başlandy. Bu täsinlik aprel aýynyň ortalaryndan maýyň başyna çenli dowam eder....