Türkmen wekiliýeti ÝHHG-niň mejlisinde Awaza sammiti boýunça Beýannamany hödürledi

  • 19.08.2021 11:51
  • 5.2k+

Golaýda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Beýannama bilen çykyş etdi. Bu barada neutrality.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Beýannamada Türkmenbaşy şäherinde geçirilen konsultatiw duşuşygyň gyzyklanma döredýän ugurlaryň ählisi boýunça özara bähbitli sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň, görnüşleriniň we gurallarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin giň gerimli mümkinçilikleri döredendigi aýratyn bellenilip geçildi.  Şeýle hem sebitde integrasion hyzmatdaşlygyň, köptaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlaryndaky özara hereketleriň, döwlet-hususy ulgamyň gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça hem jikme-jik pikir alşyldy.

Resminamada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň barha ösýän ykdysadyýetleriniň häzirki zaman infrastrukturasynyň kemala getirilmegi üçin senagat we ulag ulgamlarynyň, telekeçilik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň mümkinçilikleriniň jemlenilmeginiň derwaýyslygy hem aýratyn bellenildi.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......