The Telegraph gyzlaryň näme üçin adatça oglanlardan has gowy okaýandygyny düşündirdi

  • 17.08.2021 13:03
  • 10k+

The Telegraph neşiriniň habarçysy Jina Rippon gyzlaryň näme üçin hemişe diýen ýaly oglanlardan has gowy okaýandygy baradaky pikirlerini paýlaşdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Köp ýyllardan bäri şeýle bir garaýyş bar: mekdepde gyzlar oglanlara garanyňda has gowy okaýarlar. Awtoryň belleýşi ýaly, okuwçy gyzlaryň arasynda iň ýokary baly (9 bal) ähli talyplaryň 8,9%-i, okuwçy oglanlaryň arasynda bolsa 5,9%-i gazanýar. Iňlis mekdeplerinde geçirilen A-level synaglarynyň netijeleri muny ýene bir gezek tassyklady. Onda iň ýokary baly gyzlaryň 46,4%-i we oglanlaryň 41,7%-i gazandy.

Rippon oglanlar üçin has pes synag ballarynyň jemgyýetimizdäki terbiýe aýratynlyklary bilen baglanyşyklydygyna ynanýar. Häzirki zaman jemgyýetinde gyzlaryň erjel, yhlasly bolmagyna garaşylýar, oglanlara bolsa gereginden artykmaç geçirimlilik edilýär.

Professor Liz Eliot bolsa erkek adamyň beýnisi bilen aýalyň beýnisiniň arasynda düýbünden tapawudyň ýokdugyny anyklady. Beýleki barlaglar özümizi alyp barşymyza jemgyýetiň täsiriniň örän uludygyny görkezýär diýip, çeşme belleýär.


23.02.2023 19:18
32k+

20-nji martda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Londona yzygiderli uçuşlaryny dikelder

20-nji martdan «Türkmenistan» awiakompaniýasy Londona yzygiderli howa gatnawlaryny ýerine ýetirip başlar. Aşgabat – London ugry boýunça awiabiletler 23-nji fewralda satylyp başlandy. Bu barada Aşgabadyň Halkara...

düýn 21:10
1.7k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

düýn 09:43
7.4k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......