Xiaomi 26-njy awgustda täze önümleriniň tanyşdyrylyşyny geçirer

  • 17.08.2021 13:58
  • 4.4k+

Xiaomi hytaý kompaniýasy 26-njy awgustda Hindistanda geçiriljek Smarter Living 2022 çäresini resmi taýdan anons etdi. Bu täze önümleriň çykmagyna bagyşlanan her ýylky metbugat konferensiýasydyr diýip, www.ixbt.com belleýär.

Xiaomi kompaniýasy bu çärede anons ediljek gurluşlaryň birnäçesini eýýäm tassyklady. Kompaniýanyň täze ýokary derejeli Wi-Fi routerini, howpsuzlyk kamerasyny, Mi Band 6 fitnes bilezigini we täze noutbuklary hödürlejekdigi anyk bellidir. Mi Band 6 bilezigi eýýäm ençeme wagt bäri dürli bazarlarda satylýar.

Kompaniýa Mi Notebook ykjam kompýuteriniň diňe bir yşykly klawiatura däl-de, eýsem oturdylan web-kamera eýe boljakdygyny belleýär. Bu iki funksiýa geçen ýyl Hindistanda çykarylan Mi Notebook 14-de we Mi Notebook 14 Horizon Edition-de ýokdur.

Mundan başga-da, Mi TV India sahypasy kompaniýanyň täze Mi TV telewizorlaryny ýa-da pristawkany anons etjekdigine yşarat edip, tizerleri ýerleşdirýär. Şeýle-de, kompaniýa täze simsiz gulaklyklary çykarjakdygyny hem tassyklady.


22.03.2026 08:09
4.4k+

Samsung Hindistanda Galaxy S26-ny ýarty bahasyna satyn almagy teklip etdi

Samsung kompaniýasy Hindistanda Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin «Galaxy Forever» maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslama öňki nesillerden has gymmat bolan täze modelleri satyn almagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir...

20.03.2026 20:04
5.8k+

Hindistan bazarlary horlanmak üçin niýetlenen arzan bahaly dermanlardan doldurmakçy

«Hindistanda semaglutid maddasyna bolan patent möhletiniň tamamlanmagy, horlanmak üçin niýetlenen dermanlaryň bahasynyň düýpli peselmegine we dünýä bazarynyň üýtgemegine getirmegi mümkin. Gürrüňi edilýän madda Novo Nordisk kompaniýasynyň meşhur «Ozempik» we «Wegowi» dermanlarynyň hem esasy düzümini eýeleýär» diýip, BBC News habar berýär...

13.03.2026 17:58
3.1k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...

07.03.2026 18:05
3.2k+

Xiaomi smartfonlaryň bahasynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdy

Smartfony düzýän bölekleriň bahasynyň ýokarlanmagy we ýat mikroshemalarynyň ýetmezçiligi smartfonlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler, emma Xiaomi kompaniýasy bu ýagdaýyň alyjylara ýetirjek täsirini mümkin boldugyndan ýumşatmaga çalyşýar...