Türkmen Lideri türk kärdeşine weýrançylykly suw joşgunlary sebäpli gynanç bildirdi

  • 15.08.2021 10:46
  • 26k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Sinop, Kastamanu we Bartyn welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

TDH agentliginiň habarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkiýäniň demirgazygynda bolup geçen suw joşgunlary netijesinde azyndan 58 adam aradan çykdy. Bu barada ýekşenbe güni Türkiýäniň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hökümet müdirligi habar berdi. 

11-nji awgustda güýçli ýagyş zerarly Türkiýäniň demirgazyk welaýatlaryna suw joşgunlary geldi. Ýaşaýyş jaýlaryna, awtoulaglara, infrastrukturalara weýrançylyklar ýetirildi.


11.08.2025 14:12
20k+

Türkiýede 6,1 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi

Türkiýäniň günbataryndaky Balykesir şäherinde 6,1 bal ululykda ýertitreme hasaba alyndy. Bu barada respublikanyň Içeri işler ministrliginiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentine (AFAD) salgylanyp, TRT Haber habar berýär...

28.07.2025 12:35
8.6k+

Türkiýede tokaý ýangynlary sebäpli 1700 adam göçürildi

Türkiýäniň birnäýe welaýatlarynda uly tokaý ýangynlary bilen göreş dowam edýär. Ýangyn tokaý massiwlerini, ýaşaýyş zolaklaryny we oba hojalyk ýerlerini gurşap aldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär. Hususan-da, Bursa, Antalýa, Izmir, Bilejik welaýatlarynda, şeýle-de Uşak, Mersin we Diýarbakir sebitlerinde ýagdaý has çylşyrymly...

03.06.2025 13:33
12k+

Türkiýäniň Marmaris sebitinde 5,8 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi

3-nji iýuna geçilen gije Türkiýäniň Ortaýer deňzi kenarynda 5,8 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Ýerasty sarsgynlar ýerli wagt bilen 02:17-de hasaba alyndy. Associated Press ýertitremäniň merkeziniň Marmaris şypahana sebitiniň golaýynda bolandygyny habar berdi...

27.04.2025 17:15
35k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda partlamadan ejir çekenlere ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny beýan etdi

  26-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly...