Antiseptikler koronawirusa garşy 100% täsirli bolup çykdy

  • 15.08.2021 08:44
  • 6.9k+

Rus dezinfektolog lukmany we «Dobrolow» kompaniýasynyň hil müdiri Nikolaý Dubinin antiseptikleriň we dezinfeksiýa serişdeleriniň koronawirusa we beýleki ýokançlyklara garşy 100% täsir edýändigini aýtdy. Bu barada msn.com habar berdi.

Şeýlelik bilen, hünärmeniň pikiriçe, bu serişdeler jemgyýetçilik ýerlerini arassalamakda COVID-19-a garşy göreşmek boýunça 100 göterim netijeliligini görkezdi. Elleri sabyn bilen ýuwmak wiruslary doly ýok edip bilmeýär we wiruslar ellerdäki ýaglaryň düzüminde galýar. Antiseptikler bolsa olary doly ýok edýär diýip, neşir Dubininiň sözlerine salgylanýar.

Elleri ilki sabyn bilen ýuwup, soňra spirtli antiseptikler bilen arassalamagy hünärmen ajaýyp tejribe diýip atlandyrdy. Bu usul deriniň üstündäki ýokançlyklaryň ähli galyndylaryny öldürip, elleri doly arassalaýar diýip, çeşme belleýär.


23.05.2025 12:05
2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...