Hytaýly pensioner Ewerest dagyna ýetmek üçin welosipedli 5,6 müň km ýoly geçdi

  • 15.08.2021 01:00
  • 5.5k+

Demirgazyk-Günbatar Hytaýyň Inçuan şäherinden bir pensioner Ewereste (Jomolungma) – dünýäniň iň beýik dagyna ýetmek üçin 82 günüň dowamynda welosiped bilen 5,6 müň km töweregi ýoly geçdi. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, 60 ýaşly Fu Sişen birnäçe welaýatlardan – Gansudan, Syçuandan we Ýunnandan geçip, ýoldaky kynçylyklara garamazdan, Tibet awtonom sebitine sag-aman barýar. Ol ýerde, planetanyň iň beýik dagynyň eteginde syýahatçylyk bazasy bar.

Sişeniň aýtmagyna görä, pensiýa çykandan soň, ol özüniň gowy görýän işine – welosipedli syýahata köp wagt sarp edip başlaýar. “Meniň pikirimçe, soňky üç ýylda men her ýyl, takmynan, 10 müň km ýoly  geçendirin” – diýip, Fu Sişen belleýär. Syýahatçy özi üçin esasy kynçylygyň daglardaky ýoluň bolandygyny aýdýar, sebäbi howa şertleri we kislorod ýetmezçiligi sebäpli, ol ýerlerde öňe hereket etmek kyndyr.

Pensioner yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde Ewereste üstünlikli baryp bilendigini belleýär. Syýahata taýýarlyk görmek üçin ol hepdede dört gezek 15 km ylgady. “Maşgalam, dostlarym, şeýle-de Hytaýyň ähli welosipedçileri meniň üçin ylham we goldaw boldy. Olar bolmadyk bolsa, men bu ýoly geçip bilmezdim” – diýip, Fu Sişen belledi.

Ewerest Mahalangur-Himal dag gerşine girýär, ol Nepal bilen HHR-iň serhedinde ýerleşýär. 2020-nji ýylda iki ýurduň wekilleri bu dagyň beýikligini gaýtadan ölçediler, ol 8 848,86 m boldy.


18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....