Türkmenistan Türkiýä mugt lukmançylyk serişdelerini ugradar

  • 14.08.2021 08:53
  • 15k+

Türkmenistan Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini berer.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Degişli Buýruga Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.  

Şeýle hem Daşary işler ministrligi Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Mälim bolşy ýaly, iýul aýynyň başynda Türkiýede başlanan tokaý ýangynlary ýurduň Bodrum we Marmaris sebitlerini has güýçli gurşap aldy. Türkiýe Respublikasynyň oba we tokaý hojalyk ministri Bekir Pakdemirli penşenbe güni öz Twitter hasabynda ýurtdaky tokaý ýangynlarynyň ählisiniň öňüniň alnandygyny habar berdi. Onuň ýazmagyna görä, 28-nji iýuldan bäri ýurduň sebitleriniň 54-sinde ýüze çykan ýangyn ojaklarynyň 299-sy gözegçilige alyndy hem-de söndürildi.  


düýn 10:55
5.2k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......