Türkmen wekiliýeti owgan meselesi boýunça Doha maslahatyna gatnaşýar

  • 12.08.2021 20:28
  • 20k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de «Таliban» hereketiniň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň barşyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçirilýän halkara duşuşygyna gatnaşýar. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. 

BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň wekilleri bolan duşuşyga gatnaşyjylar parahatçylyk hereketiniň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar. Owganystanda kabul ederlikli we hakyky syýasy kadalaşdyrmanyň gazanylmagy boýunça işjeň çäreleriň ählisine goldaw bermegi dowam etdirmek babatynda taraplaryň berk ygrarlylyklary tassyklanyldy.

Doha şäherine saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti şeýle-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirýär.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......