Xiaomi iýun aýynda ilkinji gezek dünýä smartfon bazarynyň öňüni çekdi

  • 11.08.2021 17:57
  • 5.5k+

Xiaomi 2021-nji ýylyň iýunynda ilkinji gezek dünýäde 1-nji smartfon markasyna öwrüldi. Kompaniýa mobil telefonlarynyň satuwy boýunça Samsung we Apple ýaly bäsdeşlerinden öňe geçdi.

«Counterpoint Research-iň» hasabatyna görä, hytaýly tehnologiýa ägirdi iýun aýynda dünýä smartfon bazarynda öňdeligi eýeledi. Şeýle hem hasabatda kompaniýanyň satuwynyň geçen aýdakydan 26% ösendigi we onuň bu aýyň iň çalt ösýän markasyna öwrülendigi aýdylýar. Mundan başga-da, kompaniýa şu ýylyň ikinji çärýeginde smartfon bazarynda ikinji ýeri eýeledi. Birinjiligi bolsa Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Samsung özünde saklady.

“Huawei pese gaçyp başlaly bäri, Xiaomi emele gelen bu boşlugy doldurmak üçin yzygiderli we tutanýerli tagallalary etdi" diýip, Gözleg müdiri Tarun Pathak aýtdy.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....