Bloomberg: täze iPhone kämilleşdirilen kamera eýe bolar

  • 11.08.2021 10:23
  • 10k+

iPhone-yň indiki wersiýasynda kameranyň üç sany täze aýratynlygy hödürlener. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp TASS ýetirýär.

Işlenip düzülýän telefon modelinde telefonuň portret režiminiň täze funksiýasy, wideony ýokary hilli ProRes formatynda ýazgy etmek mümkinçiligi bolar. Agentligiň habarçylary smartfonlara wideo düşürmede hem portret režiminiň goşuljakdygyny tassyklaýarlar. Surat üçin bu režim ilkinji gezek 2016-njy ýylda iPhone 7 Pro smartfonunda hödürlenipdi. Ýene bir aýratynlyk ulanyjylara suratlarynda reňk düzümlerini üýtgetmäge we öwüşginleri sazlamaga mümkinçilik berer.

Täze smartfon modeliniň ýakyn hepdelerde satuwa çykmagyna garaşylýar.

1976-njy ýylda esaslandyrylan Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny, iPad planşetlerini, iMac kompýuterlerini, MacBook noutbuklaryny, iPod aýdym-saz pleýerlerini we beýleki ýokary tehnologiýaly tehnikalary öndürýär. Korporasiýanyň ştab-kwartirasy Kupertinoda (Kaliforniýa ştaty) ýerleşýär. 


07.05.2026 15:01
6.4k+

iPhone 18-iň gijikdirilmegi sebäpli iPhone 17-niň önümçiliginiň möhleti uzaldylar

Apple kompaniýasy täze enjamlary çykarmak strategiýasyny düýpli üýtgedip, standart iPhone 17 modeliniň önümçilik we satuw döwrüni ep-esli uzaldýar....

05.05.2026 18:31
3.6k+

Samsung smartfonlaryny bejertmek iPhone bilen deňeşdirilende 60% gymmat düşýär

Samsung smartfonlaryny bejertmek, hatda resmi ätiýaçlandyryş bar bolan ýagdaýynda-da, iPhone-y bejerdeniňden ortaça 60% gymmada düşýär. Bu barada Insuranceopedia tarapyndan geçirilen gözlegde aýdylýar....

04.05.2026 11:09
1.1k+

Google Apple bilen hyzmatdaşlygyny tassyklady: Gemini täze Siri-niň özenini düzer

Google kompaniýasy Apple bilen hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyny tassyklady. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde Gemini tehnologiýalary Apple Intelligence-iň geljekki funksiýalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Siri-niň......

29.04.2026 23:03
1.1k+

Bloomberg: Apple suratlary redaktirlemek üçin täze emeli aň funksiýalaryny taýýarlaýar

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac enjamlary üçin emeli aň arkaly täze surat redaktirleýiş funksiýalaryny ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ...