Žan-Klod Wan Dammly uruşganly film görlen sany boýunça Netflix-de ilkinji 5-lige girdi

  • 10.08.2021 09:02
  • 12k+

Netflix striming hyzmaty Žan-Klod Wan Dammyň baş keşbi janlandyrmagynda “Iň soňky hakyna tutma” uruşganly komediýasyny çykardy. Bu film striming hyzmatynyň öz reýtinginde birinji ýeri eýeledi diýip, newinform.com habar berdi.

Filme Dawid Şaron režissýorlyk etdi. Film Netflix-e görä ABŞ, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa ýaly ýurtlarda has meşhur boldy.

Filmde gizlin gullugyň pensiýadaky öňki agenti barada gürrüň berilýär. Ol özüniň bikanun ýarag we neşe satmakda günäkärlenýän ogly üçin asuda durmuşyndan ýüz öwürmeli bolýar.

Baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetiren Wan Damm gyzykly wakanyň, ekşeniň we ýumoryň gowy sazlaşýandygy üçin filmi üstünlikli hasaplaýar. Tankytçylar bolsa filmi "nostalgiki ekşen" diýip hasap etdiler.


29.01.2026 17:21
4.7k+

Nike «Gaty geň zatlara» bagyşlanan täze krossowka toplumyny çykardy

Nike brendi we «Gaty geň zatlar» filmi özleriniň iň soňky bilelikdäki önümini — basketbol sport aýakgabynyň «Air Foamposite One» modelini tanyşdyrdylar. HypeBeast neşiriniň habar bermegine görä, gyzyl-gara öwüşginli bu krossowkalar 13-nji fewralda satuwa çykarylar...

18.11.2021 16:13
3.3k+

Netflix iň meşhur filmleriň we seriallaryň sanawy bilen ýörite saýt döretdi

Netflix akym hyzmaty top10.netflix.com saýtyny işe girizdi. Onda Netflix platformasynda öň ýerleşdirilen iň meşhur filmleriň we seriallaryň sanawy neşir edildi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp...

28.09.2021 07:17
2.7k+

Netflix «Jadygöý» filminiň üçünji möwsümini surata düşürer

Netflix “Jadygöý” (“Ведьмак”) serialynyň üçünji möwsümini surata düşürer. Bu barada serialyň Twitterdäki resmi saýtynda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär. “Biz ikinji çeper anime-film we wakalary Jadygöýüň...

şu gün 08:47
419

El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar

Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy...