BAE, Çili we Belgiýa ilatyna sanjym etmekde öňdebaryjy ýurtlar

  • 08.08.2021 02:16
  • 5.6k+

Bloomberg agentliginiň analitikleri ilatynyň köp bölegine sanjym edilen ýurtlary atlandyrdylar. Öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna Birleşen Arap Emirlikleri (65,1 göterimine sanjym edilen), Çili (64,5 göterim), Belgiýa (60,6 göterim), Ysraýyl (59,5 göterim), Ispaniýa (59 göterim) girdi. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Umuman alanyňda, agentligiň hasaplamalaryna görä, “global sanjym” döwründe 180 ýurtda 4,27 milliarddan gowrak doza sanjym edildi. 

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus eýýäm iki sanjym alan ilatly ýurtlary rewaksinasiýany togtadyp, koronawirusa garşy serişdeleri garyp ýurtlar bilen paýlaşmaga çagyrdy. 

Gaýtadan sanjym işiniň eýýäm başlandygyny habar beren Ysraýyl, Fransiýa, Germaniýa, Ýakyn Gündogar we Russiýa ýaly ýurtlary BSGG-niň ýolbaşçysy “güýçlendiriji” serişdeleri ilatynyň 10-dan az göterimi sanjym alan ýurtlara ibermäge çagyrdy. Olaryň hataryna Uganda (0,1 göterimden az), Çad Respublikasy (0,1 göterim), Merkezi Afrika Respublikasy (0,2 göterim) we Mawritaniýa (0,2 göterim) degişlidir.


15.04.2026 23:40
3.1k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....

18.05.2024 19:03
11k+

BAE ilkinji gezek ölüm howply kesele garşy emeli aň tarapyndan döredilen dermany synagdan geçirýär

Emeli aň ilkinji gezek ýüzlerçe müň adam ömrüni halas edip biljek dermany döretdi. Derman serişdesi BAE-niň Masdar-Siti şäherinde ýerleşýän Insilico Medicine kompaniýasynyň emeli aň platformasy tarapyndan işlenip...

07.07.2021 13:40
8.2k+

Bloomberg ilat sanjymy boýunça öňdebaryjy ýurtlary belli etdi

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE), Seýşel adalary respublikasy we Bahreýn ilatyna täze koronawirusa garşy sanjym etmekde öňde barýan üç döwletdir diýip, Bloomberg agentligi belleýär. Bu barada TASS habar berýär....

20.05.2026 12:06
9.6k+

Semizlik ösen ýurtlarda azaldy, garyp ýurtlarda bolsa artdy. Sebäbi?

Dünýäniň 200 sany ýurdunda geçirilen täze barlag baý we ösen döwletlerde semizligiň azalandygyny, emma garyp hem-de ösüp barýan ýurtlarda bolsa bu görkezijiniň tersine, örän çalt artýandygyny ýüze çykardy....