Amerikaly Maklaflin 400 m aralyga päsgelçilikli ylgamakda dünýä rekordy bilen ýeňiş gazandy

  • 05.08.2021 07:47
  • 4.1k+

ABŞ-nyň wekili Sidni Maklaflin 400 metr aralyga päsgelçilikli ylgamakda täze dünýä rekordyny goýup, Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Ýeňiji bu aralygy 51,46 sekuntda geçmek bilen 2021-nji ýylyň 26-njy iýunynda ABŞ-da goýlan özüniň öňki rekordyny (51,90) täzeledi. Ikinji orny onuň watandaşy Dalaýla Muhammad (+0,12) eýeledi. Üçünji orna Niderlandlaryň wekili Femke Bol (+0,57) mynasyp boldy.

Maklaflin 21 ýaşynda. Ol 4x400 metr estafetada 2019-njy ýylyň dünýä çempiony we 400 metr aralyga päsgelçilikli ylgamakda şol ýaryşyň kümüş baýrakçysydyr.
31 ýaşly Muhammad 400 metr aralyga päsgelçilikli ylgamakda 2016-njy ýylyň Olimpiýa çempiony we 2019-njy ýylyň dünýä çempiony. Şeýle-de, onuň hasabynda 4x400 metr estafetada 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynyň altyn medaly bar. 21 ýaşly Bol ýapyk binalarda iki gezek Ýewropa çempionydyr.


10.05.2026 12:29
3.8k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......

09.05.2026 06:34
4k+

FIFA dünýä çempionaty wagtynda ABŞ-ndaky stadionlaryň atlaryny üýtgeder

ABŞ-da futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek Milli futbol ligasynyň (NFL) stadionlarynyň atlary wagtlaýynça üýtgediler....

05.05.2026 17:34
9.2k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....