Türkmenistanly Toýçiýew Tokio-2020-däki çykyşyny 4-nji ýerde tamamlady

  • 04.08.2021 18:59
  • 24k+

Türkmen agyr atletikaçysy Hojamuhammet Toýçiýew 109 kg-dan ýokary agram derejede agyr atletika boýunça Olimpiýa ýaryşynda dördünji orny eýeledi. Ol silterläp 184 kg we itekläp 230 kg agramy göterip, umumylykda 414 utuk gazandy.

Eminler maslahatlaşmadan soňra, türkmen türgeniniň her görnüşden bir synanyşygyny hasaba almadylar, bir gezekden bolsa Toýçiýewiň özi agramy alyp bilmedi.
Şeýlelikde, türkmen türgeni iň golaýyndaky garşydaşyndan — Siriýanyň wekili Man Asaaddan 10 utuk yza galdy. Kümüş medaly 441 utuk toplan Ali Dawudi eýeledi.

Sportuň bu görnüşinde liderligi, gürrüňsiz, gruziýaly Laşa Talahadze eýeläp gelýär. Ol öz agram derejesinde özüniň öňki gazanan üç sepgidini geçip, birbada üç sany dünýä rekordyny goýdy. Silterläp götermekde gruziýaly agyr atletikaçy 223 kg (öň 220), itekläp götermekde bolsa 265 kg (öň 264) agramy göterdi. Ikisiniň jemi boýunça Talahadze 488 kg toplady, bu hem dünýä rekordy bolup durýar. 
Şeýlelikde, Laşa Talahadze bäş ýyl mundan öň (2016) Rio-de-Žaneýrodaky oýunlarda gazanan Olimpiýa çempionlygyny goramagy başardy.


düýn 21:03
1.4k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....