Türkiýeli gimnastikaçy taryhda ilkinji gezek Olimpiadanyň medalyny gazandy

  • 04.08.2021 11:10
  • 7.8k+

Ferhat Aryjan Türkiýä döwlet gimnastikasynyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalyny alyp berdi. Erkekleriň arasynda geçirilen parallel bruslardaky ýaryşda Aryjan Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalyny aldy. Türkiýeli türgen final tapgyrynda 15,633 bal gazandy.

Birinji orny 16,233 bal gazanan hytaýly gimnastikaçy Szou Szinýuan eýeledi. Kümüş baýrakçysy 15,700 bal bilen germaniýaly türgen Lukas Dauzer boldy. 
Tokioda çeper gimnastika boýunça ýaryşlarda erkekleriň arasynda Türkiýäniň wekili hökmünde Ibragim Çolak, Ferhat Aryjan, Ahmet Onder we Adem Asil, zenanlaryň arasynda – Nazly Sawranbaşy çykyş etdi. 
Belläp geçsek, Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda Türkiýäniň hasabynda jemi 6 medal bar. Olaryň biri altyn, bäşisi bürünç medaldyr.


25.05.2026 23:07
9.1k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

19.05.2026 14:50
5.9k+

Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi....

10.05.2026 18:36
5k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

28.04.2026 16:14
4.7k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....