Tokio Olimpiadasynyň nobatdaky gününiň ýeňijileri

  • 04.08.2021 01:39
  • 4.6k+
  • Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň 11-nji gününde norwegiýaly Karsten Warholm 400 metr aralyga päsgelçilikli ylgamakda 45,94 sekuntda pellehana gelip, dünýä rekordyny täzeledi we altyn medalyň eýesi boldy. Ikinji orny amerikaly Raý Benjamin eýeledi. Bürünç medaly braziliýaly Alison Dos Santos aldy.
  • Malaýka Mihambo uzynlygyna bökmekde Olimpiýa çempiony boldy. Soňky synanyşykda germaniýaly türgen 7 metre bökdi. Kümüş medaly amerikaly Brittni Riz aldy. Bürünç medala bolsa Nigeriýadan Ese Brume mynasyp boldy.
  • Germaniýanyň welosport boýunça zenan ýygyndysy döwletiň hasabyna ýene bir altyn medal goşdy. Toparlaýyn yzarlamak ýaryşynyň finalynda germaniýaly türgenler dünýä rekordyny täzeläp, britaniýalylary yzda galdyrdylar. Bürünç medaly ABŞ-dan türgenler aldy.
  • Wengriýaly Balint Kopas 1 000 metr aralyga bir kürekli baýdarkada küreklemekde altyn medal gazandy. Kümüş medaly onuň watandaşy Adam Wargi aldy. Bürünç medal Portugaliýadan Fernand Pimente degişli boldy.
  • Ýelkenli gaýyk sportunda hem medal ugrunda bäsleşildi. Britaniýaly ýahtaçy türgenler Dilan Fletçer bilen Stýuart Bitell 49-njy FX klasynda Olimpiýa çempionlary boldular. Zenanlaryň arasynda altyn medaly braziliýaly Martina Grael bilen Kaýena Kuns aldy.

Medal sanawynda birinji orunda Hytaý ýerleşýär. Onuň yzyndan ABŞ bilen Ýaponiýa gelýär.


02.06.2026 17:37
5k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.5k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......