Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önümleriniň sergisi — türkmen telekeçileri üçin täze mümkinçilik

  • 03.08.2021 09:30
  • 8.9k+

TmCars.info-nyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna degişli 9 müň 620 inedördül metr meýdanda sebit döwletleriniň Prezidentleriniň Awaza sammitiniň çäklerinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi üçin gurnama işleri güýçli depginde alnyp barylýar. 

Gözden geçirilişiň esasy guramaçysy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär we oňa gatnaşyjylaryň hatarynda döwlete degişli esasy edaralar we iri kärhanalar, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kompaniýalar bar. Bu ýerde şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri öz milli önümlerini ýaýbaňlandyrarlar. Döwletleriň diwarlyklary sebitiň halklarynyň arasynda «ýaşaýyş agajy» hasaplanýan tut agajynyň töwereginde bir ýere birleşer. Şeýle-de bu nyşanda Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly pikirler jemlenen.
Uniwersal sergi sebit ýurtlarynyň innowasion tehnologiýalar ulgamynda gazananlaryny giňden şöhlelendirip, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça iň gowy tejribeleri alyşmaga hem-de anyk maksatlar üçin göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Ondaky eksponatlar adaty görnüş bilen birlikde, wirtual usul arkaly hem görkeziler.
Sergide energonetijeli tehnologiýalar, nebitgaz we himiýa ulgamlarynda tehnologiýalar, ulag we logistika, maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýa hem-de telemetriýa, maşyngurluşyk, senagat enjamlary ýaly ugurlar boýunça önümler görkeziler. Pawilýonlar deňiz portunyň esasy ýükler terminalynda ýerleşdirilip, onda tanyşdyryş çärelerini guramak üçin multimedia meýdançasy, gepleşikleri geçirmek we ylalaşyklary baglaşmak üçin işewürlik merkezi döredilendir.
Bu ýere goňşy döwletlerden getirilen ýükler gümrük salgytlaryndan boşadyldy we tehniki enjamlar wagtlaýyn ornaşdyryldy. Eger-de türkmen kompaniýalarynyň wekilleri ol ýa-da beýleki harydy satyn almak isleseler, ylalaşyk baglaşyp, degişli nusgada geleşigi resmi taýdan baglaşmaga-da mümkinçilik göz öňünde tutulan.


düýn 14:07
6.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti meýdan we gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan häzirki......

11.04.2026 23:44
3k+

Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri ylalaşyldy

Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde 10-njy aprelde Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna......

06.04.2026 23:45
5.5k+

Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär....

02.04.2026 10:36
2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu barada Mejlisiň......