Fettel Wengriýanyň Gran-Pri-sinde ikinji ornundan mahrum edildi

  • 02.08.2021 18:20
  • 5.2k+

«Aston Martin» toparynyň nemes sürüjisi Sebastian Fettel Wengriýanyň Gran-Pri-sinde ikinji orundan mahrum edildi. Bu barada Lenta.ru «Formula-1-iň» metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Bäsleşigi guraýjylar, pilotyň barlag üçin zerur bolan ýangyç mukdaryny görkezip bilmändir. Eminler 1-nji awgustda geçirilen ýaryşlardan soň geçirilen tehniki barlaglar wagtynda Sebastian bokslara gaýdyp barmak aýlawyny tamamlamandygyna garamazdan, onuň awtoulagynyň ýangyç bagynda bir litrden az ýangyjyň bardygyny anykladylar. Formula-1-iň düzgünlerine laýyklykda, bakda barlag üçin ýangyç az bolsa (1 litrden), onda sürüji ýaryşdan aýrylýar.
Şeýlelikde, Fettel Wengriýanyň Gran-Pri-sinde ýeňijiler münberinden aýryldy. Onuň ýerine öň üçünji orny eýelän “Mersedesiň” sürüjisi Lýuis Hemilton, üçünji orna bolsa “Ferrari”-den Karlos Sains geçdi.
Formula-1-iň indiki tapgyry Belgiýada 29-njy awgustda geçiriler.


09.06.2026 07:51
4.3k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....