Fransiýaly Okon karýerasynda ilkinji gezek Formula-1 tapgyrynyň ýeňijisi boldy

Fransiýaly Okon karýerasynda ilkinji gezek Formula-1 tapgyrynyň ýeňijisi boldy

«Alpin» toparyndan fransiýaly Esteban Okon Formula-1 ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Wengriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş “Hungaroring” awtodromynda geçirildi.

Ikinji orny “Aston Martiniň” sürüjisi germaniýaly Sebastýan Fettel eýeledi. Üçünji “Mersedesden” britaniýaly Lýuis Hemilton boldy. Umumy sanawda öňde barýan niderlandiýaly Maks Ferstappen (“Red Bull”) pellehana onunjy bolup geldi. Okon karýerasynda ilkinji gezek “Formula-1” tapgyrynda ýeňiji bolýar.
Ýaryş badalgada bolan heläkçilik sebäpli 30 minut togtadyldy. Bu hadysa gatnaşyjylar finlýandiýaly Waltteri Bottas (“Mersedes”), britaniýaly Lando Norris (“Maklaren”), meksikaly Serhio Peres (“Red Bull”), kanadaly Lens Stroll (“Aston Martin”) we monegask Şarl Lekler (“Ferrari”) boldy. Heläkçilige gatnaşyjylar ýaryşy dowam etdirip bilmediler.
Okon 39 utuk gazanyp, umumy sanawda 11-nji orna çykdy. Hemilton 192 utuk gazanyp, umumy sanawda birinji orny eýeledi. Ikinji orunda Ferstappen (186), üçünji orunda Norris (113) ýerleşýär. 
Çempionatyň indiki tapgyry 27-nji awgustdan 29-njy awgust aralygynda Belgiýada geçiriler.