Türkmenistanyň Prezidenti 13700 metre uçýan täze harby uçarda synag etdi

  • 02.08.2021 09:26
  • 33k+

1-nji awgustda Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.

Ilki bilen, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän türkmen Lideri säheriň sergin çagynda pyýada gezelenç etdi.
Döwlet Baştutany pyýada gezelençden soňra, birsellem welosiped sürdi. Soňky ýyllarda ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanylýan welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany artdy. Sportuň bu görnüşi, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda has meşhurdyr.

Soňra türkmen Lideri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlaryň ýanyna geldi we harby uçarlar, olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Täze uçarlaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de ulanyş maksatlary barada gürrüňleri diňläp, döwlet Baştutany harby uçarlaryň we beýleki söweş tehnikalarynyň tehniki aýratynlyklary barada maglumat berýän çyzgylary, şekil taslamalaryny we degişli suratlary synlady.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby uçarmanyň ýörite lybasyny geýip, täze harby uçary synagdan geçirmek üçin onuň şturwalynyň başyna geçdi. Döwlet Baştutany harby uçary herekete girizmezden ozal, kada boýunça degişli hereketleri berjaý etdi. Biraz wagtdan harby uçaryň reaktiw hereketlendirijileriniň sesi giňişligi gurşap aldy. Şondan köp wagt geçmänkä, harby uçar asmana göterildi. Sanlyja salymda döwlet Baştutanynyň erk edýän harby uçary zerur belentlige çykyp, asman giňişliginde birnäçe öwrüm etdi.

Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby uçar asman giňişliginde uçuş ugruny dessin üýtgetmäge, görkezme-aňtaw uçuşlaryny amala aşyrmaga ukyplydyr. Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek, Watanymyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmek, aňtaw işlerini geçirmek, gury ýer goşunlarynyň hereketlerini goldamak üçin täze harby uçarda zerur mümkinçilikleriň jemlenendigini bellemek gerek.
Bu harby uçar asmanda erkin peselmek, degişli belentlige çalt galmak ýaly tilsimleri ýerine ýetirýär. Turboreaktiw hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan bu uçar harby uçarmanlary taýýarlamak üçin hem ähmiýetlidir. Uçaryň uçuş uzaklygy 2 müň kilometre barabar bolup, onuň iň ýokary uçuş belentligi 13 müň 700 metre deňdir.

Döwlet Baştutany kesgitlenen ugur boýunça ýerine ýetirilýän uçuşyň dowamynda birnäçe öwrümleri amala aşyrdy we söweşjeň tehnikany ussatlyk bilen gondurdy. Goranmak ministri hormatly Prezidentden täze harby uçarda synag uçuşyny amala aşyran pursadynda geýen uçarman lybasyny paýtagtymyzdaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň muzeýinde goýmaga ygtyýar bermegini haýyş etdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu teklibi oňlap, harby uçarman lybasynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze guruljak binasynyň muzeýinde goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


22.04.2026 14:54
3.1k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......

22.04.2026 14:35
6.8k+

Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we......

22.04.2026 14:28
7.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdebi döwrebaplaşdyrmak işleri bilen tanyşdy

21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebi döwrebaplaşdyrmak......

05.04.2026 10:18
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki metjidiň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda 30 müň adama niýetlenen metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada 4-nji aprelde «Watan» habarlar......