Türkmenistan — Owganystanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugynda

  • 31.07.2021 13:53
  • 12k+

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan Owganystanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi. Ýurdumyzdan ugradylan harytlaryň 70 göterime golaýy nebitgaz toplumynyň önümleridir. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 64 million dollaryna golaý boldy. Bu barada Owganystanyň Milli statistika we habarlar müdirligi (NSIA) käbir maglumatlary ýetirýär.

Hususan-da, şu ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistandan Owganystana A-80 benziniň 8 müň tonna golaýy hem-de awtoulag benzininiň beýleki görnüşleriniň 45 müň tonnadan gowragy, şeýle hem suwuklandyrylan gazyň 40 müň tonna golaýy ugradyldy.
Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, iberilen dizel ýangyjynyň möçberi ep-esli artyp, 28 müň tonnadan gowrak boldy. Mundan başga-da, owgan işewürleri tehniki nebit ýaglaryny, polietilen, polipropilen, propan we beýleki önümleri satyn aldylar.


şu gün 15:39
434

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.7k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....