Türkmenistan daşary ýurt pasportynyň möhletini uzaltmagyň täze düzgünini tassyklady

  • 29.07.2021 08:26
  • 45k+

Türkmenistanda Daşary ýurt pasportynyň möhletini uzaltmagyň Tertibi tassyklandy. Resminama hukuk maglumatlarynyň portalynda çap edildi.

Daşary ýurt pasportynyň möhletini uzaltmagyň Tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky Kararyna laýyklykda işlenip düzüldi. Belläp geçsek, bu Kararyň esasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan raýatlarynyň 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanan ýa-da tamamlanýan daşary ýurt pasportlarynyň möhleti 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.
Pasportyň möhletiniň uzaldylandygy barada bellik etdirmek üçin wagtlaýyn ýa-da hemişelik daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary ýurduň iň ýakyn diplomatik wekilhanasy bilen habarlaşmaly, erkin görnüşde arza ýazmaly we anketa doldurmaly.
Arzanyň ýanyna pasportyň asyl nusgasyny, onuň göçürmesini hem-de kagyz görnüşde we elektron göterijide öz suratyňy (3x4 ýa-da 4x5 sm) goşmaly. Arza elin gowşurylyp ýa-da poçta arkaly iberilip bilner.
Bellik möhüri, uzaldylandygy baradaky elektron maglumatlary öz içine alýan QR koduny özünde jemleýär, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanasynyň ýa-da konsullygynyň resmi wekiliniň goly hem-de gerbli möhüri bilen tassyklanýar.


01.04.2026 18:38
10k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.5k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......

27.03.2026 17:38
7.5k+

Türkmenistanda täze Crops Energy dökünleri peýda boldy

Türkmenistanyň agrar bazarynda täze önüm — ösümlikleriň ähli ösüş tapgyrlary üçin niýetlenen uniwersal Crops Energy dökünleri peýda boldy. Tohumuň gögermeginden başlap, miwe berýän döwrüne çenli bu dökün......