Britaniýaly türgenler Olimpiýa oýunlarynda diňden suwa bökmekde altyn medal gazandylar

  • 28.07.2021 14:58
  • 1.9k+

Britaniýaly suwa böküjiler Tomas Deýli we Metti Li Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 10 metrlik diňden sinhronlaýyn suwa bökmekde altyn medal gazandylar. Bu türgenler 471,81 bal netijäni görkezdiler.

Kümüş medala Hytaýyň wekilleri Ýuan Sao we Aýsen Çen mynasyp boldy. Olar eminlerden 470,58 bal aldylar. Russiýaly türgenler Aleksandr Bondar we Wiktor Minibaýew bürünç medal gazandylar. Olaryň görkezen netijesi 439,92 bal boldy.
Şeýle-de, finalda sekizlige Meksika, Kanada, Ukraina, Günorta Koreýa we Ýaponiýa hem girdi. 10 metrlik diňde Russiýa taryhda üçünji medalyny gazandy.


22.12.2024 23:49
3.5k+

“Formula-1-iň” “Red Bull” toparynyň ýolbaşçysy Britaniýa imperiýasynyň komandory ordenini aldy

“Formula-1-de” “Red Bull” toparynyň ýolbaşçysy Kristian Horner Britaniýa imperiýasynyň komandory ordenine mynasyp boldy. Baýragy oňa Bukingem köşgünde geçirilen dabarada patyşa Karl III-niň hut özi gowşurdy diýip...

22.08.2024 19:59
8.8k+

Britaniýaly lyžaçy Gimalaýda 5716 metr beýiklikde täze rekord goýdy

Britaniýaly lyžaçy Joşua Bregmen beýik daglarda lyža beýsjampingi boýunça täze dünýä rekordynyň eýesi boldy. 34 ýaşly Bregmen beýikligi 5716 metr bolan Gimalaýdaky Mera-Pik depesinde gaýadan lyžaly aşak inip, paraşýutda...

27.07.2024 08:47
6.4k+

Şazada Uilýam Angliýanyň Futbol assosiasiýasynyň howandary boldy

Uels şazadasy Uilýam Angliýanyň Futbol assosiasiýasynyň (FA) howandary boldy. Bu barada guramanyň resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär. Öň, bu wezipäni şa aýaly Ýelizaweta II eýeläpdi. Ol aradan çykandan...

08.07.2024 13:10
2.2k+

Hemilton 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Formula-1” tapgyrynda ýeňiji boldy

“Mersedes” toparynyň britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton “Formula-1” klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 12-nji tapgyry bolan Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş “Silwerstoun”...