“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 07.07.2025 11:22
  • 2k+

“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris 6-njy iýulda Silwerstounyň ýaryş ýolunda geçirilen Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy.

Ýaryşyň soňky aýlawlarynda Norris 10 sekuntlyk jerime alan topardaşy Oskar Piastriniň pit-stopyndan soň öňdebaryjylyga çykdy. Awstraliýaly ýaryşa gatnaşyjy tapgyrlaryň birinde, ýolda howpsuzlyk awtomobili bar wagty birden tizligini peseldip, Maks Werstappeniň öňe geçmegine getirdi. Bu hem düzgün bozulma hökmünde kabul edildi.
Üçünji bolup pellehana “Kik Zauber” toparyndan Niko Hýulkenberg geldi. Bu britan tapgyrynyň iň täsirli pursatlarynyň biri boldy, çünki mundan öň 37 ýaşly germaniýaly karýerasynda gatnaşan 239 ýaryşynyň dowamynda ýekeje gezek hem münbere çykmandy. Ol “F-1-de” 2010-njy ýylda ilkinji gezek çykyş etdi.
Dördünji Lýus Hemilton boldy (“Ferrari”). Britaniýaly öz antirekordyny goýdy – ol eýýäm yzygider 14 tapgyr bäri münbere galmaýar, soňky gezek ol 2024-nji ýylda Las-Wegasyň Gran-prisinde ilkinji üçlüge girdi.
Werstappen ýaryşa pouldan başlady, ýöne 9-njy aýlawda Piastri ondan öňe geçdi. Restartdan soň “Red Bulluň” ýaryşa gatnaşyjysynyň ulagy dolandyryşy ýitirdi, ol 10-njy orna düşdi, ýöne bäşinji bolup gelmegi başardy.
Silwerstoundaky tapgyrdan soň Piastri 234 utuk bilen öňdebaryjylygyny saklady. Norris 8 utuk (226) yza galýar, üçünji orunda Werstappen (165) ýerleşýär. Olaryň yzyndan Jorj Rassell (147) we Şarl Lekler (119) gelýär.
Konstruktorlaryň kubogynda “Maklaren” 460 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda “Ferrari” (222), üçünji orunda “Mersedes” (210) ýerleşýär.
Çempionatyň indiki tapgyry 25 – 27-nji iýulda Belgiýada geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....