Polina Gurýewa: Olimpiýa ýeňşimi Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlaýaryn

  • 28.07.2021 11:05
  • 24k+

— Tokioda geçirilýän nobatdaky Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp bolmagym başymy göge ýetirdi. Begenjiňi söz bilen beýan edip bolmajak duýgy! Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanmagymyň gözbaşynda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak babatdaky irginsiz tagallalary dur. Elbetde, Olimpiýa medalynyň eýesi bolmak — her bir türgeniň iň arzyly arzuwy. Şol maksada ýetmek üçin toparymyz bolup çeken ýadawsyz zähmetimiziň ýerine düşendigine çäksiz buýsanýaryn.

Baş tälimçimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli türgenleşip, sebit we halkara derejeli ýaryşlara gatnaşmak bilen, görkezijilerimizi gün-günden gowulandyrdyk. Nobatdaky oýunlarda bolsa umumylykda 217 kilogram agyrlygy göterip, öz şahsy rekordymy täzeläp, Watanymyzyň sport medallarynyň gaznasynyň üstüni Olimpiýa medaly bilen ýetirmek bagty miýesser etdi.
Sportda ýeňiş gazanmakda türgeniň yhlasyna, ussatlygyna-da köp zat baglydyr welin, bu ugurda tälimçileriň, maşgalaň, ýakynlaryň hem goldawy örän zerur. Döwletimiz, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan iri sport ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlanmak üçin aňrybaş şertlerdir mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa ýeňişli menzillere bolan ynamymyzy has-da artdyrdy. Dünýäniň iň abraýly sport baýramçylygynda — Olimpiýa oýunlarynda gazanan medalymyň beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna özboluşly sowgat bolandygyna tüýs ýürekden begenýärin. Ýeneki ýyllarda-da iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmak ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys.


22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....