Guterriş G20 ýurtlaryny asyryň ortalaryna çenli uglerod zyňyndylaryny bes etmäge çagyrdy

  • 26.07.2021 02:15
  • 3.9k+

G20 ýurtlarynyň hemmesi 2050-nji ýyla çenli zyňyndylarynyň möçberini nol derejä çenli azaltmagy gazanmagy maksat edinmeli. Bu barada ýekşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş özüniň G20-ä agza ýurtlaryň ministrleriniň howa we energiýa boýunça ýygnagyna gatnaşyjylara ýüzlenmesinde aýtdy. Muny TASS habar berdi.

“Men G20-ä agza ýurtlaryň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylaryny asyryň ortalaryna çenli uglerod zyňyndylarynyň möçberini nol derejä çenli azaltmak niýetini yglan etmäge, 2030-njy ýyla çenli howa bilen bagly çäreler boýunça çynlakaý meýilnamalary hödürlemäge, şeýle hem anyk syýasy hereketlere başlamaga, şol sanda 2021-nji ýyldan soň täze kömür elektrik stansiýalaryny işe girizmekden ýüz öwürmäge çagyrýaryn"-diýip, Guterriş aýtdy.
"BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdesini (sessiýanyň dowamynda) ähli liderleri Glazgoda geçiriljek klimat boýunça sammitiň esasy syýasy pursatlary barada ylalaşyga gelmekde birleşdirmek maksady bilen ulanmak isleýärin" -diýip, Guterriş sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýeri gelende bellesek, "Uglerod taýdan bitarap" ýa-da "howa zyňyndylarynyň nol derejesi" adalgalary kömürturşy gazynyň mukdarynyň okeanlaryň we tokaýlaryň siňdirýän mukdaryndan ýokary däldigini aňladýar.


05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

30.04.2026 17:05
2.7k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......