Özbegistanly taekwondoçy Raşitow 68 kg çenli agramda Olimpiýa çempiony boldy

  • 25.07.2021 20:24
  • 5.4k+

Özbegistanly taekwondoçy Ulugbek Raşitow Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 68 kg çenli agram kategoriýasynda final tutluşygynda britaniýaly Bredli Sindeni ýeňdi. Bürünç medallarynyň eýeleri türkiýeli Hakan Reçber we hytaýly Çžao Şuaý boldy. 
Raşitow 19 ýaşynda. Onuň hasabynda ýaşlaryň Olimpiýa oýunlarynda ýeňşi hem bar. Özbegistanyň milli ýygyndysy üçin bu medal häzirki Oýunlarda ilkinji boldy. 


07.10.2025 13:16
6.2k+

Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Özbegistanyň futbol assosiasiýasy Fabio Kannawaronyň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Italiýaly hünärmen bilen şertnamanyň möhleti aýdylmaýar. Kannawaro bu wezipede topary taryhy üstünlige – ABŞ-da, Kanadada, Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ahyrky tapgyryna elten Timur Kapadzeni çalyşdy...

09.09.2025 23:42
14k+

Özbegistan CAFA Milletler Kubogynyň finalynda Eýrandan üstün çykdy

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynda (CAFA Nations Cup 2025) final oýunda Eýrany ýeňdi. Duşuşyk 8-nji sentýabrda Daşkentdäki täze «Olimpik» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy...

03.09.2025 09:47
14k+

CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistandan utuldy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler Kubogynyň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýnady. Duşuşyk Daşkentdäki «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy...

26.08.2025 14:29
10k+

Türkmenistan CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan, Özbegistan we Oman bilen duşuşar

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi resmi taýdan mälim edildi. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär. CAFA-nyň Milletler kubogy taryhda ikinji gezek geçirilýär...