Witalina Basaraşkina sapançada atmakda Olimpiýa oýunlarynyň çempiony boldy

  • 25.07.2021 16:00
  • 3.8k+

Witalina Basaraşkina Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazanan ilkinji rus türgeni boldy. Onuň ýeňşine hatda elektroniki ýalňyşlyk hem päsgel bermedi. Bu ýalňyşlyk sebäpli türgen bir atyşykdan soň islendik üstünlik üçin medal almak umydy bilen hoşlaşyp bilerdi.

Pnewmatik sapançadan atmakda 24 ýaşly omskly türgen 240,3 utuk gazanyp, Olimpiýa rekordyny goýdy. Ol final sessiýasyndan öň Basaraşkadan 0,9 utuk öňe geçen bolgariýaly Antoaneta Kostadinowadan (239,4) öňe saýlandy. Birinji atyşykda russiýaly türgen Kostadinowadan 0,4 utuk öňe geçen bolsa, ahyrky synanyşykda garşydaşyndan 1,4 utuk öňe geçdi. Üçünji orny 218 utuk gazanan hytaýly Sýan Žansin eýeledi.
Ýaryşyň dowamynda eminler russiýaly türgeni utukdan mahrum edýärdiler. Elektroniki näsazlyk sebäpli ulgam Basaraşkinanyň berlen 50 sekuntda atyşygyny hasaba almady, şol sebäpli eminler oňa hiç hili utuk bermediler. Ýöne soň näsazlyga adamyň däl-de, elektronikanyň sebäp bolandygy anyklandy we türgene gaýtadan atmaga rugsat berildi.


25.07.2025 17:05
18k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar...

25.07.2025 16:54
5.5k+

FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy...

23.03.2025 12:11
8.1k+

Russiýaly aýal Baýkal kölünde buzuň astynda 122 metr ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy

«Baýkalyň buzunyň astynda 2025» atly fridaýwing festiwalynda russiýaly Ýekaterina Nekrasowa uly üstünlik gazandy. Ol gidrokostýum geýmezden, Baýkal kölünde, buzuň astynda 122 metr aralyga ýüzdi. Bu netije bilen...

29.01.2025 11:54
14k+

Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi “Rostowyň” oýunçysy boldy

Russiýanyň “Rostow” futbol kluby Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi Denis Titow bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy eýýäm BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda esasy topara...