Hindistanyň günbatarynda 140-a golaý adam güýçli ýagynyň pidasy boldy

  • 25.07.2021 00:54
  • 15k+

Hindistanyň günbataryndaky Maharaştra welaýatynda güýçli ýagyş sebäpli ýüze çykan ýumrulmalaryň we süýşgünleriň netijesinde aradan çykanlaryň sany 138 adama ýetdi. Bu barada NDTV ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar berdi diýip, TASS agentligi ýetirýär.

The Times of India gazeti anna güni 80-den gowrak adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi.
Neşir Hindistanyň günbatar kenaryna ýagan güýçli ýagyşdan soň süýşgünler, binalaryň ýykylmagy ýaly wakalaryň onlarçasynyň ýüze çykandygyny ýazýar. Bu wakalardan, esasan, Raigad, Ratnagiri, Satara etraplary, şeýle hem Mumbaý megapolisi ejir çekdi.
Hünärmenleriň pikiriçe, şunuň ýaly güýçli musson ýagyşlary ştatda soňky 40 ýylda ilkinji gezek hasaba alyndy. DigiWorld portalynyň habaryna görä, Maharaştranyň käbir etraplarynda bir gije-gündiziň dowamynda 400-den 600 millimetre çenli ýagyş ýagýar.
Häzirki wagtda betbagtçylyk ýüze çykan ýerlerde halas ediş işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, häkimiýetleriň milli deňiz flotundan kömek sorandygy bellenilýär. Ýurduň günbatar deňiz güýçleri halas ediş toparlaryny jemledi we raýatlara kömek etmek üçin harby dikuçarlar hem bu işe çekildi diýip, çeşme belläp geçýär.


17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
9k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

15.12.2025 17:38
14k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...

25.11.2025 12:46
19k+

Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy

Mumbaýda 89 ýaşynda Bolliwud kinosynyň ýyldyzy Dharmendra (doly ady – Dharmendra Kewal Krişan Deol) aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Dharmendra hindi kinosynyň iň esasy şahsyýetleriniň biridi...