XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy başlandy

  • 23.07.2021 16:57
  • 5.8k+

Tokiodaky Milli stadionda Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy başlandy.

Şowhunly dabara anna güni Oýunlaryň paýtagtynda geçirilýär. Koronawirus çäklendirmeleri sebäpli oňa diňe 950 resmi adam gatnaşýar.
Dabaranyň açylyş temasy “Öňe hereket” adyny aldy, ol Tokioda Oýunlaryň geçirilmeginiň bir ýyl yza süýşürilmegine sebäp bolan saglygy goraýyş pudagyndaky global çökgünlige, şeýle-de Ýaponiýanyň taryhyndaky iň bir weýran ediji bolan 2011-nji ýyldaky ýertitremesinden soň, dikeldilmegine bagyşlanýar.
Dabaranyň çäginde beýleki aktual temalara hem serediler, şeýle-de türgenleriň däp bolan ýörişi geçiriler.
Öň, TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, nobatdaky Olimpiýa oýunlarynda türkmenistanly türgenleriň 9-sy ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýär.

Şeýle hem okap bilersiňiz:


25.11.2025 17:08
8.6k+

Türkmenistanly karateçi Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde dünýä çempionatynda çykyş eder

Türkmenistanyň Kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Meýlis Paşagulyýew "The World Weight Kyokushin Karate Tournament – Japan 2025" dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Maebasi şäherine ugrady...

15.10.2025 13:11
2.9k+

Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...

22.09.2025 10:41
1.8k+

Keniýaly Odira dünýä çempionatynda 800 m ylgawda rekord bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Lilian Odira 800 m aralyga ylgamakda dünýä çempiony boldy. Final 21-nji sentýabrda Tokioda 2025-nji ýylyň Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi. Odira bu aralygy 1.54,62 netije bilen geçip, dünýä çempionatynyň täze rekordyny goýdy...

05.05.2025 15:19
5.4k+

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady...