Türkmenistanly karateçi Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde dünýä çempionatynda çykyş eder

  • 25.11.2025 17:08
  • 8.9k+

Türkmenistanyň Kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Meýlis Paşagulyýew "The World Weight Kyokushin Karate Tournament – Japan 2025" dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Maebasi şäherine ugrady. Ýaryşlar 26-njy noýabrdan 1-nji dekabra çenli dowam eder. Bu ýaryş dört ýylda bir gezek geçirilýär.

Çempionata dünýäniň dürli ýurtlaryndan iň güýçli karateçiler gatnaşýarlar. Türkmenistanly türgen 85 kilogramdan ýokary agram kategoriýasynda çykyş eder.
M.Paşagulyýew üç gezek Türkmenistanyň çempiony, iki gezek Ukrainanyň çempiony, Ukrainanyň Kubogynyň eýesi, halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi, Merkezi Aziýanyň Kubogynyň eýesi we Ýewropa Kubogynyň baýrakly orunlarynyň eýesidir.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......