На открытии Олимпиады в Токио участвует делегация из Туркменистана во главе с вице-премьером С.Бердымухамедовым

  • 23.07.2021 09:43
  • 18k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň şu gün — 23-nji iýulda geçirilýän resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, nobatdaky Olimpiýa oýunlarynda türkmenistanly türgenleriň 9-sy ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýär.

Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Tokio şäherine iberilmegi ýurdumyzyň türgenleriniň ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň Tuguny belentde parlatjakdygyna bolan ynamy artdyrýar. Türkmen türgenleriniň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň sport ugry boýunça hem işjeň ösdürilýändiginiň nobatdaky mysalydyr.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedowa ýurdumyzyň sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmek hukugy berildi. Ç.Mämmedow ozal hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionatlaryna, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlaryna emin hökmünde gatnaşdy.
TmCars.info-nyň okyjylaryna Tokio Olimpiadasynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň 120-nji bolup Olimpiýa ýörişinden geçjekdigini habar berýäris. Biziň milli toparymyz Trinidad, Tobago we Türkiýe döwletleriniň arasynda bolar. Türgenleriň ýörişine jemi 206 wekiliýetden wekiller gatnaşar.          
Mälim bolşy ýaly, adatça, Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy türgenleriň däp bolan ýörişi bilen başlanyp, onuň dowamynda aýry-aýry ýurtlara wekilçilik edýän türgenler stadionyň içinden ýöräp geçýärler. Olimpiýa oýunlarynyň Watany bolan Gresiýanyň wekilleri hemişe ilkinji bolup ýörişe başlaýarlar. Oýunlary kabul edýän ýurduň türgenleri bolsa ýörişi tamamlaýar.
Türkmenistanly sport janköýerleri dünýäniň iň iri sport baýramçylygynyň — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna ýerli wagt bilen sagat 16:00-da Russiýanyň «Первый канал» teleýaýlymynda göni efirde tomaşa edip bilerler.


24.12.2025 13:21
8.1k+

58-летний японский футболист продолжит карьеру в «Фукусима Юнайтед»

58-летний японский нападающий Кадзуёси Миура подписал контракт с клубом третьего дивизиона чемпионата Японии «Фукусима Юнайтед», сообщает Japan Today.  Новый сезон станет для футболиста-рекордсмена 41-м в профессиональной карьере, которая началась в 1982 году...

22.12.2025 11:30
15k+

Президент наградил туркменского боксера денежной премией за бронзу ЧМ в Дубае

Президент Туркменистана распорядился наградить туркменского боксера Байрамдурды Нурмухаммедова денежной премией за успешное выступление на чемпионате мира по боксу, который прошёл в Дубае (ОАЭ) с 30 ноября по 14 декабря...

15.12.2025 23:17
32k+

Глава Туркменистана наградил спортсменов и их наставников новым Toyota Camry

Президент Сердар Бердымухамедов вручил ценные подарки спортсменам и тренерам, занявшим призовые места на соревнованиях мирового уровня. Торжественная церемония прошла в конференц-зале Спортивного комплекса боевых искусств Олимпийского городка в Ашхабаде, сообщили в новостной телепередаче «Ватан»...

25.11.2025 17:08
8.8k+

Туркменский каратист выступит на мировом первенстве в японском Маэбаси

Член национальной команды Туркменистана по киокушинкай карате Мейлис Пашакулиев отправился в японский город Маэбаси для участия в мировом первенстве The World Weight Kyokushin Karate Tournament – Japan 2025. Соревнования пройдут с 26 ноября по 1 декабря...