Ilon Mask Marsda näçe wagtdan şäher peýda boljakdygyny aýtdy

  • 22.07.2021 21:26
  • 27k+

Ilon Mask özüniň Twitterdäki muşdaklary bilen Marsda ýene näçe ýyldan şäher peýda boljakdygy baradaky pikirlerini paýlaşdy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Şeýle hem “SpaceX”-iň ýolbaşçysy kompaniýanyň birnäçe gezek ulanmak üçin niýetlenen kosmos gämisine zerur bolan “Raptor” raketa hereketlendirijileriniň önümçiligini artdyrmak isleýändigini belläp geçdi. Ýeri gelende bellesek, “Raptor” raketa hereketlendirijileri diňe "Marsa" adamlary daşamak üçin döredilendir.
Twitter ulanyjylarynyň biri kompaniýanyň näçe Raptor hereketlendirijisini öndürmegi maksat edinýändigini sorady. Mask oňa kompaniýanyň 800-den 1000-e çenli hereketlendiriji öndürmegi meýilleşdirilýändigini aýtdy.

“Marsda özüne ýetesi şäher gurmak üçin gerek bolan floty 10 ýylda döretmäge köp zat zerurmyka diýýän. Şäheriň özi, belki, 20 ýyl töweregi wagt alar, şonuň üçin hem ol 2050-nji ýyla çenli gurlar diýip umyt edýäris"-diýip, Mask pikirini paýlaşdy.


02.04.2026 21:00
3k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

02.04.2026 11:08
4.5k+

Starlink hemrasy adatdan daşary ýagdaýdan soň orbitada weýrançylyga uçrady

SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemrasy adatdan daşary ýagdaýdan soň orbitada weýran boldy we kosmos galyndysyna öwrüldi. Bu soňky üç aýyň dowamynda şeýle wakanyň ikinjisidir....

14.03.2026 23:33
3.9k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...

10.03.2026 17:04
1.6k+

xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär

Ilon Maskyň xAI emeli aň kompaniýasy adaty teksti täsirli sözleýişe öwürýän täze guraly tanyşdyrdy. Başlangyç tapgyrda bäş sany ses elýeterli bolup, olar «Eve», «Ara», «Rex», «Sal» we «Leo» diýlip atlandyrylýar...