Apple Beýik Britaniýanyň smartfon bazaryny terk edip biler

  • 21.07.2021 19:45
  • 4.4k+

Apple 5 milliard ýewrolyk (takmynan, 7 milliard dollar) kazyýet işi sebäpli Angliýanyň bazaryndan gitjekdigini mälim etdi. Bu barada 3dnews.ru habar berdi.

Eger-de kazyýet iPhone-da ulanylýan tehnologiýa üçin iňlis patent eýesi "Optis Cellular Technology"-iň peýdasyna "täjirçilik taýdan ýol berilmesiz" möçberde jerime bellese, kompaniýa bu ýurduň bazaryndan çykyp biler diýip, Apple-iň hukukçylary duýdurdylar.
Apple hakykatdanam Angliýanyň bazaryndan çykmak isleýändir diýmek kyn. Birden şeýle bolaýanda-da, amerikan kompaniýasy Angliýa täze iPhon we beýleki enjamlaryny ibermez hem-de öňden bar bolan müşderiler üçin programma üpjünçiligini täzelemek meselesini kynlaşdyrar.
Habarlara görä, “Optis” Apple-i öz önümlerinde “standartlaşdyrylan” smartfon tehnologiýasyny ulanandygy üçin 7 milliard dollar möçberindäki ygtyýarnama tölegini tölemekden boýun gaçyrandan soň patenti bozandygy üçin suda berýär. Geçen aýda şuňa meňzeş kazyýet işiniň Iňlis kompaniýasynyň peýdasyna tamamlanandygyny bellemelidiris.  Şonda kazyýet Apple “Optis”-iň 3G we 4G ykjam torlaryna birikmek bilen baglanyşykly iki sany patentini bozdy diýen karara gelipdi.


30.05.2026 08:05
3.5k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....