Wan I Türkmenistan bilen Hytaýyň möhüm resminamalara gol çekjekdigini habar berdi

  • 21.07.2021 15:32
  • 6.8k+

Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda işewür gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekmäge taýýarlyk görülýändigini mälim etdi. Bu barada Hytaýyň Sinhua agentligi maglumat berýär.

Gol çekiljek resminamalaryň hatarynda ulag-logistika, saglygy goraýyş, biohowpsuzlyk, maglumat we kiberhowpsuzlygy ýaly ugurlar, şol sanda energetika pudagynyň önümçilik zynjyrynyň ählisi boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen dürli görnüşli ylalaşyklar bar.
Şeýle hem Türkmenistanyň we HHR-iň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça bäşýyllyk maksatnamany işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýandygyny Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçysy aýtdy. Bu maksatnama ýokarda agzalan ugurlaryň ählisi boýunça işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup hyzmat eder. Şular dogrusynda Wan Inyň golaýda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde türkmen Lideri bilen geçiren duşuşygynda-da giňişleýin durlup geçildi.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......