Suw ynsan bedeni üçin zerur bolan mineral duzlaryň we mikroelementleriň esasy çeşmesi bolup durýar. Köp sanly ylmy barlaglar bedeni ýaşaýyş üçin zerur maddalar bilen üpjün etmek üçin her günde ortaça 3 litre golaý suw içmegiň zerurdygyny görkezýär. Şunça mukdardaky suwy çaý ýa-da gaýnag suw görnüşinde däl-de, arassa agyz suwy görnüşinde içmeli.
Käbir alymlar arassa bolandygy üçin distillirlenen suwlary içmegi peýdaly hasaplaýarlar. Hakykatda welin, distillirlenen (buga öwrülip arassalanan suw) suwlarda mikroelementler ýokdur. Olar yzygiderli ulanylanda, beden agzalarynyň we ulgamlarynyň, ilkinji nobatda, süňk ulgamynyň işjeňligi bozulýar. Süňküň berkligi kalsiý mikroelementine baglydyr. Distillirlenen suwda bolsa kalsiý bolmaýar. Tebigy suwuň düzümindäki beýleki maddalaryň wajyplygy hem kalsiniňkiden kem däldir. Olar bedende nerw öýjüklerine itergileriň geçirijiliginden başlap, täze öýjükleriň gurulmagyna çenli işjeňligiň ýerine ýetirilmegine gatnaşýarlar.
Bedeniň çalt guramagynyň öňüni almak üçin arassa agyz suwuny yzygiderli içmeli. Miwe şireleri, çaý, mineral suwlar, çal içmek hem peýdaly. Fiziki türgenleşiklerden hem-de hammamdan soň dessine, onda-da ajöze suw içmek zyýanlydyr. Suwy ýygy-ýygydan we az-azdan — 2-3 owurtdan içmeli. Owurtlan suwuňy agzyňda biraz wagt saklap, soň ýuwutmaly. Ýuwaş-ýuwaşdan owurtlanylyp içilen arassa agyz suwy adamyň sagdyn we uzak ýaşamagyna itergi berýär, köp keselleriň öňüni almaga ýardam edýär.