Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy mynasybetli gutlady

  • 20.07.2021 09:14
  • 7.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ähli türkmen halkyny Gurban baýramy mynasybetli gutlady.

Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, Gurban baýramy adamzadyň tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan iň gadymy hem-de mukaddes baýramlaryň biridir. Many-mazmunyna milli däp-dessurlarymyz, ynanç-adatlarymyz siňen Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen öňe — beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýar we jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar, täze maksatlara ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.
Goý, Gurban baýramy günlerinde amal ediljek tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap beriljek sadakalar, okaljak aýat-töwirler, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, külli adamzadyň bagtyýar we parahat durmuşynyň hatyrasyna ediljek doga-dilegler beýik hem-de keremli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!» diýip, türkmen Lideriniň bu mukaddes baýram mynasybetli iberen Gutlagynda bellenilýär.


şu gün 14:06
3.4k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

şu gün 14:01
3.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

düýn 10:55
6k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.2k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......